Sport Ýyldyzy
Tennis kort

Sport desgalary

Tennis kort

Arhitektor
Sport Ýyldyzy H.K
Ýerleşýän ýeri
W9H3+VHH Aşkabat, Türkmenistan
Meýdany
5,300 m²
Ýyllar
2014 — 2015

Aşgabat şäheriniň häkimi 2014-nji ýylyň 23-nji awgustynda “Aşgabat şäheriniň Çandybil etrabynyň “Aşgabat” stadionynyň ýanyndaky meýdançada Tennis kortyny” gurmak hakynda 1186 belgili kararyny çykardy. Karara laýyklykda, bu desga biziň hususy kärhanamyz tarapyndan guruldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatlarynyň esaslarynda berlen badalganyň çäklerinde “Türkmenistanda beden terbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2011-2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmek, türkmen sportyny ösdürmek we dünýä derejesine ýetirmek, ilatymyzy bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek hem-de hemme taraplaýyn ösen nesli kemala getirmek, hünärli we halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamak üçin amatly şertleri döredýär. Biziň hususy kärhanamyz tarapyndan gurlan Tennis korty ýurdumyzyň sport ulgamyny düýpli kämilleşdirmäge, bedenterbiýäni hemmetaraplaýyn ösdürmäge, ähli tarapdan ösen nesli terbiýeläp ýetişdirmäge, ýokary derejesindäki toparlary taýýarlamaga, islendik ýaryşlary geçirmäge niýetlenendir.