Sport Ýyldyzy
Lagym arassalaýjy desga

Dolandyryş binalary

Lagym arassalaýjy desga

Arhitektor
Sport Ýyldyzy H.K
Ýerleşýän ýeri
727C+7Q9 Türkmenistan
Meýdany
45,000 m²
Ýyllar
2022 — 2024

Ahal welaýat häkimi, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” çäklerinde bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda kuwwatlygy bir gije-gündizde 20 000 m3 bolan lagym arassalaýjy desgasyndagurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmek barada biziň hususy kärhanamyz bilen 2018-nji ýylyň 7-nji dekabrynda 50 belgili şertnamasyny baglaşdy. Bu desgada yokary hilli enjamlary, sorguçlar, süzgüç ulgamlary we halkara ülüňlerine laýyk gelýän beýleki innowasiýa tehnologiýalary ulanmak bilen, lagym suwlaryny köp basgançakly arassalamaga mümkinçilik berýär. Lagym arassalaýjy desganyň esasy maksady ýaşaýyş toplumlaryndan gelýän lagym suwlaryny ýygnap, degişli talaplara laýyklykda arassalamaga we oba hojalyk maksatlary üçin peýdalanmaga mümkinçilik döredýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşleriň we özgertmeleriň täze belentliklerine tarap batly gadamlar bilen barýan, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, paýtagtymyzy iň gözel şäherleriň birine öwürmek baradaky işlerini dowam etdirýändigi aýdyň subutnamasydyr.